Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

08:2014.12.2015
0
9053

13-nji dekabrda Mary welaýatynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň  nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Täze gaz geçirijiniň taslamasy dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylar. Bu gaz geçirijiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň uzynlygy 214 kilometre deňdir. Gaz geçiriji Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer. Şol ýerden bolsa, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Täze gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Nesip bolsa, şu gün gurluşygyna badalga berilýän bu halkara gaz geçirijisi we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlary 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Bu örän uly taslamany durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň hem-de Tehniki iş toparynyň Aşgabatda, Yslamabatda, Kabulda we Nýu-Delide maslahatlary geçirildi. Bu maslahatlarda taslamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak barada birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň