Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:3513.12.2015
0
1202

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-nyň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary orunbasary Jeffri Feltman bilen duşuşyk geçirdi.

BMG-niň ýokary wezipeli wekili döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy, bu şanly senä gabatlanyp, ýokary derejedäki möhüm halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň  ähli türkmen halkyna iberen mähirli salamyny hem-de iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Döwlet ösüşiniň konseptual taýdan täze nusgasyny işläp düzmegi başaran häzirki zaman Türkmenistanyň tejribesine dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasyny belläp, myhman BMG-niň birnäçe esasy ugurlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlary hem-de Türkmenistanyň saýlap alan özygtyýarly ösüş we netijeli parahatçylyk döredijilik ýörelgesine hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy işlerinde kesgitleýji orun tutýan dünýäniň esasy guramasynyň ýolbaşçysyna mähirli sözlerini hem-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Şol hyzmatdaşlyk ilkibaşdan ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýar.

Belent mertebeli myhman guramanyň BMG-niň Baş Assambleýalarynda türkmen tarapynyň täze oňyn başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin, strategiki häsiýete eýedigini belledi. Merkezi Aziýa sebitiniň barha ösýän ornunyň aýdyň subutnamasy hökmünde we bu ýerde uly ähmiýetli orny eýeleýän, soňky ýyllaryň içinde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny durmuşa üstünlikli geçirýän  Garaşsyz, Bitarap   Türkmenistana aýratyn gyzyklanmanyň uludygyna şu ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistana hasap boýunça ikinji resmi sapary hem şaýatlyk edýär, bu sapar ählumumy bähbitleriň köpýyllyk hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berdi. 

Milletiň Lideri dünýäniň iň täsirli we abraýly düzümleriniň biri hökmünde BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini nygtap, öz gezeginde ýurdumyzyň halkara durmuşynyň ählumumy gün tertibi boýunça açyk gepleşiklere mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

— Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan BMG-niň ähli düzüm bölümleri we komitetleri bilen uzakmöhletli köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýar—diýip, türkmen Lideri nygtady hem-de ynsanperwer maksatlara yzygiderli eýerýän ýurdumyzyň öz ägirt uly parahatçylyk hem-de döredijilik kuwwatyny Müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirmäge hem-de dünýäde rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine halkara tagallalaryny mundan beýläk-de örän işjeň goldamaga meýillidigini aýtdy.

Jenap Jeffri Feltman soňky ýyllarda birnäçe möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän Türkmenistanyň işjeň ýörelgesine ýokary baha berip, häzirki wekilçilikli forumyň uly ähmiýetini nygtady. Onuň  netijeleriniň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki maslahatda Milletler Bileleşiginde halkara hukugynda hem-de halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk meselelerini öwrenmek boýunça Halkara merkezini döretmek baradaky, şeýle hem BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk gününi yglan etmek baradaky meselä garamak babatda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygy barada pikirini aýtdy. Jenap Jeffri Feltman türkmen Lideriniň oňyn Bitaraplygyň aýratynlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmelidigi baradaky pikirini paýlaşyp, dünýädäki häzirki ýagdaýlar hem-de döwrüň ýüze çykýan ählumumy meselelerini çözmegiň ýollaryny tapmagyň zerurlygy babatda halkara işlerinde Bitaraplyk ýörelgeleriniň ylmy-amaly esaslaryny has-da kämilleşdirmek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak boýunça hödürlenilýän bilelikdäki işe örän uly isleg bildirilip bilinjekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebeli myhman köpýyllyk üstünlikli özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynam bildirip, BMG-niň derejesinde netijeli gepleşikleriň dünýä jemgyýetçiligine agza ýurtlaryň bilelikde işlemeginiň dogry ugruny salgy bermäge hem-de häzirki zaman eýýamynyň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde anyk çäreleri işläp düzmäge gönüden-göni ýardam etmäge ukyplydygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň