Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Itşynaslar Türkmenistanyň Prezidentine şatlyk atly alabaýjyk sowgat etdiler

11:1121.01.2024
0
22164

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň çäklerinde «Halkara ahalteke atlary» assosiasiýasynyň, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow häzirki döwrüň şatlykly wakalaryna hoşallygyň nyşany hökmünde Şatlyk atly alabaýjygy Türkmenistanyň Prezidentine gowşuryp bermegini Gahryman Arkadagdan ähli itşynaslaryň adyndan haýyş etdi.

Gahryman Arkadag alabaý güjüjegi bilen bilelikde athana toplumynyň manežine bardy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýan Halk Maslahatynyň Başlygy ir säher bilen gezelenç eden Hanbeg atly atyna atlanyp, manežiň ugry boýunça öwrüm etdi. Şu pursatda Şatlyk hem at üstünde öwrüm edýän Gahryman Arkadagdan galmady.

Häzirki wagtda döwlet tarapyndan yzygiderli tagalla edilmegi netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň, türkmen alabaýlarynyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Gahryman Arkadag atly gezelenji tamamlap, buýsançly başyny belent tutup duran bede bilen hoşlaşdy we Şatlyk atly alabaý bilen ulaga mündi. Şol pursatda Hanbeg atly bedew Gahryman Arkadagyň ulagynyň ýanyna geldi. Akylly bedew aýaklaryny peşäp, Gahryman Arkadagy ak ýola ugradýan mysaly başyny silkeledi. Halk Maslahatynyň Başlygy bedewiň başyny sypalap durşuna hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň