Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

10:1812.12.2015
1
3450

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine we şanly senä bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftini kabul etdi.

Çakylyk we myhmansöýerlik üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirip, Moldowanyň Prezidenti ýokary derejede guralýan baýramçylyk çärelerine we tutuş dünýä üçin möhüm bolan Halkara maslahatyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Prezident Nikolae Timofti Moldowada özüniň netijeli parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat ugry we özara peýdaly gatnaşyklara açyklygy bilen ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine guwanylýandygyny nygtady.Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygyň möhüm şerti bolmaga ukyplydygyna we Siziň ýurduňyzyň ähli halklar bilen birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň nusgasyna öwrüljekdigine ynanýaryn diýip, myhman belledi.

Moldowa Respublikasynyň ähli ilatyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Nikolae Timoftä taryhy sene mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milletiň Lideri häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, azyk we beýlekiler ýaly möhüm ugurlarda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meseleleriň oňyn çözgüdine täzeçe çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurlygynyň öňe çykarýandygyny belledi. Bu ugurlar öz aralarynda baglanyşykly bolup, hökümetleriň we halklaryň toplumlaýyn, yzygiderli, köpugurly çemeleşmelerini we tagallalaryň sazlaşygyny talap edýär. Bu meseleler köp sanly ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara maslahatynyň gün tertibine girizilen möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Moldowa Respublikasynyň Baştutany milletiň Lideriniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdine, öňi bilen bolsa parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tekliplerine, şeýle hem döwlet Baştutanynyň Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ulag akymlarynyň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň üç duşuşygynyň geçirilendigi bellenildi. Şunlukda, Kişinýewde we Aşgabatda bolan resmi saparlaryň, gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.

Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, Moldowa Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanda soňky ýyllarda amala aşyrylan ägirt uly özgertmelere, türkmen paýtagtynyň ak mermere beslenen binalaryna haýran galýandygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň ýurtlary, şol sanda Moldowa bilen medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda, Prezident we Moldowa Respublikasynyň Prezidenti türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen üsti ýetirilip, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň