HHR-iň ilaty geçen 2023-nji ýylda 2 million adamdan gowrak azaldy. Munuň sebäbi ýurtda çaga dogumy azalýar, ölüm artýar. Hytaý ilat sany boýunça Hindistandan yzky orna geçdi diýip, «Euronews.com» ýazýar.
Ilaty sanynyň azalmagy Covid-19 ýokanjy bilen bagly çäklendirmeler ýatyrylandan soň has-da artdy diýip, HHR-iň Statistika edarasy habar berdi.
Indi ýurduň ilatynyň sany 1,4 milliard adama deň.
Çaga dogumy eýýäm ýedi ýyldyr, pese gaçýar, bu bolsa öz gezeginde ýurt üçin uzak geljekde ykdysady we sosial meselä öwrüler. Ilat ýaş babatda-da garraýar, bu hem geljekde ykdysady ösüş üçin bähbitli bolmaz diýlip, habarda bellenýär.
Täze doglan çagalaryň sany geçen ýyl öňki ýyllardakydan 540 müň azaldy, ýagny 2023-nji ýylda 9 million töweregi çaga dünýä indi.
Maglumatlara laýyklykda, erkekler zenanlardan artyk, olaryň sany 720,32 mln, zenanlar 689,35 mln.
Zähmete ukyply ilatyň sany (16-59 ýaş) 864,81 mln adama deň, bu Hytaýyň ilatynyň 61,3 göterimini düzýär. Ýurtda 60 ýaşdan ýokary bolan 296,97 mln sany adam ýaşaýar. Bu maglumatlary «Belta.by» saýty getirýär.