Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we ÝB-niň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çäreler maslahatlaşyldy

21:2417.01.2024
0
17813

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 17-nji ýanwarda bolan duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.

Taraplaryň ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de «Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa» formatynda ýola goýlan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanmasynyň bardygy bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak çykyş edip, bu babatynda bilim we ylym ulgamynda anyk çäreleriň geçirilmegini gazanmaklyga üns çekildi.

Taraplar 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum boýunça ýokary derejeli Forumyň meseleleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çäreleri hem maslahatlaşdylar. Bu ugurda şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa-Ýewopa Bileleşigi» formatyndaky nobatdaky ministrleriň duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge we oňa taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň