Türkmenistanyň Prezidenti Çeh Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi

01:1412.12.2015
0
2438

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Çeh Respublikasynyň Senatynyň Başlygy jenap Milan Ştehi kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşmaga hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanyny, tutuş türkmen halkyny Çeh Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan we öz adyndan şanly sene bilen gutlady hem-de bagt, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi. Çeh Respublikasynyň Senatynyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, belent münberlerden öňe sürýän we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär. Şeýle hem ol parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurduň Bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara maslahatyna we  şanly sene  mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilige hoşaldygyny aýtdy.

Mähirli sözler we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Halkara maslahatyna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi  üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Çeh Respublikasynyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli sözlerini aýtdy. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, açyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Çehiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden Kararnamalaryny işjeň goldandygyny aýratyn belledi.

Ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukugy bilen dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolup, halkara durmuşyna degişli çärelere işjeň gatnaşýar we parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döredip, netijeli ösüşe we sebitde we onuň çäginden daşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.  Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Çeh Respublikasy bilen ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ýola goýýan netijeli gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini nygtady.

Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak esasynda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Çeh Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça  netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça  pikir alyşmalar boldy. Ýangyç-energetika toplumynda we ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Biziň ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryny baglanyşdyrýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky, syýahatçylyk, obasenagat, derman senagaty, ýokary biotehnologiýalar we energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işewürligi ösdürmek üçin degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Şeýle hem gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy, ylym-bilim gatnaşyklaryny, medeni alyşmalary işjeňleşdirmegiň wajypdygy barada aýdyldy.

Myhman Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň iberen Çeh Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygyny gowşurdy. 

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Çeh Respublikasynyň Senatynyň Başlygy jenap Milan Şteh iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin esasda we özara bähbitlerini nazara almak arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň