Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan Türkmenistanda täze ilçi belledi

11:3312.01.2024
0
23639
Hindistan Türkmenistanda täze ilçi belledi
Surat: mea.gov.in

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, Madhumita Hazarika Bhagat Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellendi. Diplomat ozal Hindistanyň Kiprdäki Ýokary komissary wezipesinde işledi.

Häzirki wagtda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Widhu P.Naýr Hindistanyň Angola Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellendi. «Turkmenportlyň» ozal habar berşi ýaly, diplomatik wezipesini tamamlaýan Hindistanyň ilçisi Widhu Pithambaran Naýr ýakynda Türkmenistandaky diplomatik işiniň jemleri boýunça metbugat ýygnagyny geçirdi. Jenap W.Naýr 2020-nji ýylyň awgustynda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenilipdi.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, täze bellenilen ilçi hanym Madhumita Hazarika Bhagat 1999-njy ýyldan bäri Hindistanyň Daşary işler ministrligine degişli düzümlerde diplomatik iş alyp barýar. Ol Nýu-Delide diplomatiýa ugrundan okady we syýasy hem-de hukuk ylymlary boýunça alymlyk işini alyp bardy, şeýle-de öz ugry boýunça magistr derejesini aldy.

Hanym Madhumita Bhagat diplomatik zähmet ýoluna Hindistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasyndan (2001-2004) başlady. 2004 — 2006-njy ýyllarda Hindistanyň Gazagystandaky ilçihanasynda işledi. 2006 — 2008-nji ýyllarda Nýu-Delide Söwda ministrliginiň sekretarynyň kömekçisi, Döwlet sekretarynyň kömekçisi wezipelerinde zähmet çekdi. Şeýle-de şol ýyllarda Daşary işler ministrliginiň diplomatiýa bölüminde öz käri boýunça dürli wezipeleri ýerine ýetirdi. 2008 — 2011-nji ýyllarda Hindistanyň Şwesiýadaky ilçihanasynda söwda-ykdysady we medeni-maglumat meseleleri boýunça birinji sekretar, 2011 — 2014-nji ýyllarda Hindistanyň Russiýadaky ilçihanasynda ilçiniň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça geňeşçisi, dolandyryş we medeniýet boýunça geňeşçisi, 2014 — 2017-nji ýyllarda Hindistanyň Türkiýedäki ilçisiniň orunbasary wezipelerinde işledi.

Ýokary komissar derejesine eýe bolan hanym Madhumita Bhagat 2017 — 2019-njy ýyllarda Hindistanyň ilkinji milli utgaşdyryjysy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikdäki sekretary wezipesine bellendi

2019-njy ýylyň 11-nji noýabryndan bäri Hindistanyň Kiprdäki Ýokary komissary wezipesinde işläp gelýär.

Rus, hindi, assam, bengal we penjeb dillerinde gürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň