Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

22:1908.12.2015
0
2943

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Belarus Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Irina Driganyň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň uly döredijilik wekiliýetiniň düzümine belli toparlar, sungat ussatlary, režissýorlar, ýazyjylar we suratkeşler girdiler.

Soňra belarus medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň esasyny halk sazlary we tanslary, opera çykyşlary, meşhur aýdymlar, şeýle hem 1970-80-nji ýyllaryň estradasynyň ýatdan çykmajak aýdymlary düzdi. Tomaşaçylar meşhur “Horoşki” belarus toparynyň ussatlygyna uzak wagtlap el çarpdylar. Belarus Respublikasynyň Döwlet baýragynyň eýesi, Belarusuň halk artisti Walentina Gaýewaýa bu topara indi 40 ýyldan gowrak wagt bäri ýolbaşçylyk edýär.

Köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur aýdymlary ýerine ýetirip, türkmenistanlylary şatlandyran “Pesnýary” toparyny we Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýany hem-de Aleksandr Tihanowiçi tomaşaçylar mähriban dostlary hökmünde garşyladylar. Belarus Milli Akademiki opera we balet uly teatrynyň aýdymçysy, Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Nina Şarubinanyň dünýä aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyndan ýerine ýetiren eserlerine tomaşaçylar mynasyp baha berdiler.

Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Alýona Lanskaýanyň ýerine ýetirmeginde häzirki zaman belarus estradasynyň aýdymlary ýaňlandy.

“Aýly agşam” diýen belli türkmen aýdymynyň “Horoşki” aýdym-saz topary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýdym-sazyň muşdaklaryna ajaýyp sowgat boldy. Mukamlar köşgüniň kaşaň zalynda öz ýurtlarynyň ajaýyp sungatyny türkmenistanlylara sowgat eden belarus sungat ussatlarynyň hormatyna dowamly el çarpyşmalar uzak wagtlap ýaňlandy.

Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi türkmen halkynyň medeni mirasyny, baýlygyny we özboluşlylygyny, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda medeniýet we sungat ulgamynda ýeten derejelerini şöhlelendirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň