Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda UNFPA-nyň ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy

21:3808.12.2015
0
1095

7-nji dekabrda Aşgabatdaky “Ýyldyz”  myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň gender syýasatynyň maksatnamasy babatda dünýäde çökgünlige garşy özgertmeler mowzugynda UNFPA-nyň ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan guraldy. 

Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

UNFPA bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. BMG-niň şu düzümleýin edarasynyň maslahat beriş goldawy bilen Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça  2015—2020-nji ýyllar üçin hereket etmegiň Milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu çäräniň Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň