Aşgabatda baýramçylyk günlerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

21:0808.12.2015
0
5689

2015-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-ne, 12-sine - hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramynyň uludan bellenilip geçilýän günlerinde köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň toý dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelýändigi mynasybetli:

- paýtagtymyzyň howa menzilinden Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygyna çenli,

- Alyşir Nowaýy, Seýdi, Galkynyş köçeleriniň aralygynda,

- Garaşsyzlyk şaýolundan Arçabil şaýoluna çenli,

- Bitaraplyk şaýoly bilen Çandybil şaýoly aralygynda,

- Bitaraplyk binasynyň daş-töweregindäki köçelerde,

- Medeni köpçülik çäreleriniň geçiriljek ýerlerinde,

- Andalyp köçesinden Çandybil we Arçabil ýollaryna çenli,

- Oguzhan, 10 ýyl abadançylyk köçeleriniň Bekrewe - Agzybirlik köçesine çenli aralygynda hereket wagtal-wagtal çäklendiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň