Soňky habarlar

Arhiw

Senagat - ösüş 110 göterimden hem köp

20:3308.12.2015
0
1188

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 119,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy. Hususan-da, sement öndürmekde bu görkeziji 104,7 göterime, magdan däl gurluşyk serişdelerini öndürmekde 127,2 göterime, keramzit öndürmekde 115,7 göterime we gurnama demir-beton önümlerini öndürmek boýunça 105,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy. Hususan-da, nah ýüplüginiň öndürilişinde 101,7 göterim, nah matalarynyň öndürilişinde 108,4 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişinde 108,3 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişinde 100 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylyň 11 aýynda öndürilen önümleriň jemi möçberi 107,9 göterime, ösüş depgini bolsa 106,5 göterime deň boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan 39 müň inedördül metrden gowrak haly önümleri dokalyp, ösüş depgini 100,9 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň edaralarynda şu ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 192,8 göterim, şol sanda mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 186,5 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100,4 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 106,3 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 117,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önüm öndürmekde 165,6 göterim, şol sanda balyk tutmak boýunça 171,4 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 141,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň