Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köýtendag kän müdirliginde önümçilikden alnan girdeji 16 million manatdan geçdi

10:0610.01.2024
0
27998

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi 2023-nji ýyly magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 600 müň 717 kub metrini öndürmek bilen tamamlady. Munuň özi edilen işiň ýyllyk meýilnamadan kändigini görkezýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Müdirlikde geçen ýylky önümçilikden alnan girdeji 16 million manatdan geçdi. Müdirligiň çig mal gory Köýtendagyň etegindäki 310 gektarlyk karýer daş hojalygydyr. Bu ýerden çagyl-çäge garyndysy bilen bilelikde gips daşlary hem gazylyp alynýar.

Müdirligiň tehniki kuwwatynyň üstüniň Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen XCMG ZL50GN kysymly ýük göterijileriniň 3-si bilen ýetirilmegi işleriň barha ilerlemegine getirdi. Susgujynyň göwrümi 3 kub metre çenli ýetýän bu kuwwatly tehnikalar bir wagtyň özünde 5 tonna çenli ýüki göterip bilýärler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň