Soňky habarlar

Arhiw

Nebitgaz ulgamy - ösüş 100 göterimden ýokarda

20:0108.12.2015
0
1242

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň  gaz kondensaty bilen  çykarylyşynyň ösüş depgini 105,8 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini  126,9 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini  121,2 göterime barabar  boldy. 

Türkmen döwletiniň Baştutanyna tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy we beýleki nebithimiýa önümlerini öndürmekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda we ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň