Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi

09:5405.12.2015
0
4038

4-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. Ol ýetip gelýän baýramçylyga — Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Umumymilli maslahatyň çäklerinde şanly sene mynasybetli türkmenistanlylaryň birnäçesine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti maksatnamalaýyn söz sözledi. Döwlet Baştutanynyň çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini göterýän ýyllarynyň içinde ýeten sepgitleri, halkara derejesinde edilen işler we indiki sepgitler öz beýanyny tapdy.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň  Prezidenti maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň ählisine berk jan saglyk,     abadançylyk we egsilmez bagt arzuw etdi.

“Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan! Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap     Türkmenistan! Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip, döwlet Baştutany çykyşyny tamamlady.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz  sözläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Prezidentini „Türkmenistanyň „Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky karary kabul edendigi habar berildi. Soňra Milli parlamentiň ýolbaşçysy bu Karary okady.

Ýygnananlaryň şowhunly we dowamly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize ýubileý medaly gowşurylýar.

Soňra ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar okaldy we milletiň Lideri sylaglananlaryň käbirine medallary gowşurdy.

Döwlet Baştutany mejlisiň tamamlanýandygyny yglan edip, bu ýere ýygnananlara maslahatyň işine gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ruhyýet köşgünde ýene-de Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent mukamy ýaňlanýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň