Awstriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

0
631
Awstriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Awstriýa döwletiniň paýtagty Wena şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynyň, Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilelikdäki Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesiniň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň