Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rus Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini Täze ýyl bilen gutlady

05:2430.12.2023
0
37106

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gutlag haty "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

«Sizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Parlamentara gatnaşyklar olaryň möhüm bölegidir we Siz bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly şahsy goşandyňyzy goşýarsyňyz» diýip, rus Lideri türkmen halkynyň Milli Liderine iberen gutlag hatynda belledi.

Wladimir Putin şeýle-de gutlag hatynda Moskwanyň hem-de Aşgabadyň ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürjekdigine, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine tagallalary birleşdirjekdigine ynanýandygyny ýazýar.

«Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gutlagynyň ahyrynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň