Täzelikler

Архив новостей

Türkmenistanyň ýaşulularynyň iş duşuşygy geçirildi

11:1004.12.2015
0
1101
Türkmenistanyň ýaşulularynyň iş duşuşygy geçirildi

3-nji dekabrda Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisiniň öňüsyrasynda ýurduň welaýatlarynyň hem-de Aşgabadyň ýaşuly nesliniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan umumymilli maslahatyň dabaraly mejlisine  taýýarlyk görmek meseleleri girizildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2-nji dekabrda açylan Aşgabatdaky täze seýilgäh toplumyna-da baryp gördüler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň