Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda täze çagalar sagaldyş merkezi ulanylmaga berildi

03:4403.12.2015
0
1942

2-nji dekabrda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda  300 orunlyk täze çagalar sagaldyş merkezi ulanylmaga berildi.  

Umumy meýdany 50 müň inedördül metr bolan täze bina häzirki zaman şähergurluşyk ulgamynda iň öňdebaryjy gazanylanlary nazarda tutup hem-de milli binagärligiň iň gowy däplerini peýdalanmak arkaly bina edilen özboluşly şäherçedir.

Onuň düzümine hersi ýüz çaga niýetlenen üç sany iki gatly, doly amatlyklary bolan ýatalga jaýlary, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan naharhananyň, oýun oýnamak üçin enjamlar bilen üpjün edilen dynç alyş merkeziniň, üsti ýapyk howzuň we kinozally hem-de ýöriteleşdirilen sahnaly 150 orunlyk amfiteatryň ýapyk binalary, açyk howuz, futbol, woleýbol, basketbol, tennis hem-de çagalaryň oýun meýdançalary girýär.

Dolandyryş binasynyň birinji gatynda 15 orunlyk stasionar, bejeriş we diş lukmanynyň otaglary, şeýle hem fizioterapiýa otagy bolan lukmançylyk bölümi ýerleşýär. Bu ýerde geýim ýuwulýan, ütüklenilýän hem-de guradylýan otaglary bolan hojalyk bölümi we 16 orunlyk myhmanhana ýerleşdirilipdir. Jaýyň ikinji gatynda iş otaglaryndan başga-da muzeý, kitaphana, tans zaly bar.

Täze binanyň aýry-aýry otaglary, kompýuter synp otaglary dürli gurnaklaryň işlemegi hem-de stol üstünde oýnalýan oýunlar boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenilipdir. Merkeziň tutuş meýdany bagy-bossanly abadanlaşdyrylypdyr we yşyklandyrylypdyr. Bu ýerde owadan bezegli dalbarlar we dynç almak üçin oturgyçlar goýlupdyr. Bu täze desga tok, suw we ýylylyk üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Çagalar merkezi özbaşyna awtoulag, şol sanda awtobuslar we sagaldyş merkeziniň naharhanasyna berkidilen sowadyjy awtomaşyn bilen üpjün edilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň