Türkmenistanda ilkinji gezek Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni belleniler

22:5702.12.2015
0
2507

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň   2015-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndaky Permanyna laýyklykda  Türkmenistanda ilkinji gezek Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilýär.  

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Etrekde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmaklarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Bu taryhy waka sebit we halkara ulag düzüminiň ähmiýetli bölegine öwrülip,  polat ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagyny alamatlandy hem-de  Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýär.  Hut şu sene hem her ýyl pudagyň işgärleriniň güni hökmünde belleniler.  

Ertir Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtyň “Aşgabat” kinoteatrynda dabara bolar. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pudagyň öňdebaryjylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar.

Şeýle hem “İň gowy kärhana” we “Öz hünäriniň ussady” atly pudak bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan ediler.

Ýörite bu baýramçylyga gabatlanyp, “Bagta barýan ýollar” atly demir ýolçularyň durmuşyndan söhbet açýan çeper filimiň ilkinji   görkezilişi bolar. Pudagyň edermen zähmetkeşleriniň köpüsi öz hünär baýramçylyklaryny iş orunlarynda  garyşylaýarlar, çünki ýolagçy we ýük gatnadýan otlular bellenen tertipde takyk gatnamalydyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň