Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Däp» egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy

15:2220.12.2023
0
40333

«Däp» haryt nyşanly türkmen egin-eşik brendi «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda dükanyny açdy. Täze söwda nokady brendiň Aşgabatdaky üçünji dükanydyr.

Täze söwda gurşawynda alyjylaryň dykgatyna iň soňky geýim nusgalary hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döredilen art-kolleksiýanyň egin-eşikleri hödürlener.

Türkmen halkynyň milli däpleriniň hem-de häzirki zaman sungatyň sazlaşygy netijesinde taýýarlanylan täze kolleksiýa özünde galyň flis switşotlary, oňaýly hudi geýimlerini hem-de aýdyň reňkdar köýnekçeleri jemleýär.

«Däp» brendiniň kolleksiýasynda eksklýuziw şekilleri ulanmaga aýratyn orun berlipdir. Aýratyn-da, baýramçylygyň öňüsyrasynda art-kolleksiýanyň çäklerinde gyşda Türkmenistanda garyň seýrek ýagýandygyny, şeýle hem düýeleri, Aýazbabany we beýleki zatlary alamatlandyrýan şekilli geýimler işlenip taýýarlanyldy.

«Ýaşlar hemişe öz pikirini aýtmaga çalyşýarlar, muny amala aşyrmagyň esasy usullaryndan biri hem biziň haryt nyşanymyzyň eşikleri bilen aýdyň we gelşikli keşbi döretmekdir» — diýip, «Däp» brendiniň wekili belleýär.

Belläp geçsek, bu brend 2 ýaşdan 10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin hem eşikleri öndürýär. Brendiň «Kids» kolleksiýasy bilen tanyşmak we çagaňyza gündelik ajaýyp eşikleri satyn almak üçin «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýän «Däp» dükanyna baryp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, B-1.32. Telefon belgisi: (+993 61) 85 77 70;
  • «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, B57B dükany (1-nji gat). Telefon belgisi: (+993 64) 58 73 88;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň