Gyrgyzystanyň Parlamentiniň deputatlary ýurduň milli baýdagynyň suratyny bölekleýin üýtgetmek barada teklibi goldady. Bu barada TASS habar berdi.
Döwlet baýdagynyň şekilini üýtgetmek barada kanun taslamasyny öň ýurduň Mejlisiniň degişli komiteti goldady.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň güýzünde şeýle teklip bilen Parlamentiň başlygy Nurlanbek Şakiýew çykyş edipdi. Dekabryň ortasynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Mejlisiň başlygyna baýdagy üýtgetmek barada özüniň teklip edendigini habar berdi.