Soňky habarlar

Arhiw

“Mary — türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň netijeleri jemlendi

11:3630.11.2015
0
2905

28-nji noýabrda Mary welaýatynyň merkezinde Marynyň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ýylyň ýapylyş dabarasynyň barşynda ýylyň dowamynda geçirilen döredijilik çäreleri barada jikme-jik hasabat berildi. Dabara TÜRKSOÝ-yň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýat we şäher häkimlikleriniň, birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, talyp ýaşlar, şeýle hem jemleýji çäreleri geçirmek üçin Mary şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinowyň nygtaýşy ýaly, “Türki dünýäsiniň medeni paýtagtlary” taslamasynyň çäklerinde nobaty kabul edip, gadymy türkmen şäheri Mary bu hormatly hem-de jogapkärli wezipä abraý bilen hötde geldi. Ol jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmäge berýän aýratyn ünsi,  myhmansöýerlik, geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylygy, ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolan halklaryň arasynda döredijilik alyş-çalyşmalaryna döredilen ajaýyp şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Çäräni guraýjylara hem-de oňa gatnaşyjylaryň birnäçesine TÜRKSOÝ-yň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 “Mary — türki dünýäsiniň medeni paýtagty—2015” atly ýylyň jemleýji çäreleriniň çäklerinde uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.  Ol myhmanlaryň türkmen paýtagtynyň hem-de Mary şäheriniň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp gözellikleri bilen tanyşlygyny öz içine aldy. Günüň ikinji ýarymynda olar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler hem-de onuň täsin ýadygärlikleri bilen tanyşdylar, gadymy türkmen topragynyň ýaşaýjylarynyň myhmansöýerligine, bu bereketli ülkäniň täsin we gaýtalanmajak tebigatynyň gözelligine ýene-de bir gezek mynasyp baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň