Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralar geçirildi

23:3129.11.2015
0
5603

29-njy noýabrda tuş ýurdumyz boýunça däbe görä   noýabr aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk dabaralary Aşgabatda atçylyk sport toplumynda geçirildi.

Ýokary hasyl almagyň ussatlarynyň yhlasly hem-de joşgunly  zähmetiniň, görnükli ýer eýeleriniň we elbetde, türkmen topragynyň bereketiniň hormatyna   açyk asmanyň astynda Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gazananlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Pudak edaralarynyň wekilleriniň taýýarlan sergisinde pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk we dokma senagatynyň önümleriniň nusgalary, tohumlaryň ýokary görnüşleri, oba hojalyk ulaglary, öňdebaryjy tehnikalaryň görnüşleri görkezildi.

Bu ýerde türkmen heýkeltaraşlary, žiwopisçiler, zergärler döredijilik işlerini görkezip, olary daýhanlaryň yhlasly zähmetine bagyşladylar. 

Aşgabatda Hasyl toýunyň resmi bölegi atçylyk sport toplumynyň öňündäki ýörite enjamlaşdyrylan sahnada geçirildi. Bu ýerde döwlet Baştutanynyň gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp ahal teke bedewi sowgat berildi.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy.  

Aşgabadyň atçylyk sport toplumyndaky dabaralar milli baýramçylygyň hormatyna guralan  at çapyşyklary bilen dowam etdi. Olaryň netijeleri boýunça ýeňijilere   baýraklar gowşuryldy.

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde  sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti guraldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň