Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny ýokary derejede bellemäge taýýarlyk görýär

16:4328.11.2015
0
4999

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milletiň Liderine ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda şanly sene mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalaryň, teleradio gepleşikleriniň 200-si çap edildi hem-de ýaýlyma goýberildi, maslahatlaryň, “tegelek stoluň” başynda duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 148-si, şeýle hem 47 sany medeni we 51 sany sport çäreleri guraldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça döredilen guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetirilen işler we döwlet Baştutanynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi. şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň garamagyna 12-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaraly çäreleriň deslapky maksatnamasy hödürlenildi, bu çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada birnäçe döwletleriň baştutanlary we köp sanly daşary ýurtly myhmanlar geler.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistan tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, “Açyk gapylar” hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlygyny alamatlandyrýan şanly baýramy mynasyp garşylamak üçin ähli tagallalary jemlemegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny nygtap, baýramçylyk çärelerine, nesip bolsa, 4-nji dekabrda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisini geçirmek bilen başlanylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz toplumlarynda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem öz ministrliklerinde hem-de pudak edaralarynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurarlar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu çärelerden soň, Maslahat köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşy bolar.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa hem-de beýleki wise-premýerlere döwlet sylaglaryna teklip edilýän adamlaryň sanawyny düzmegi we degişli resminamalary bellenen tertipde hödürlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki ilçilerini,
daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlaryny çagyrmak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň