Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň medeniýet günleri geçiriler

03:3928.11.2015
0
2931

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Belarusuň döredijilik işgärleriniň uly topary geler.

Medeniýet günleriniň esasy çäreleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, şekillendiriş sungaty muzeýinde, “Aşgabat” kinoteatrynda, Türkmenabat şäherinde geçiriler. Çäräniň maksatnamasyny konsertler, amaly-haşam sungatynyň sergisi, kino görkezişler düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň