Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bilesiň gelýärmi?!» gepleşiginde Nobel baýragynyň taryhy barada

11:5413.12.2023
0
12962

«Turkmenportalda» Ýunus Allanazarowyň alyp barýan «Bilesiň gelýärmi?!» gepleşiginiň nobatdaky sany ýerleşdirildi. Gepleşigiň nobatdaky sany Nobel baýragy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary öz içine aldy.

Tomaşaçylar gepleşigiň şu sanynyň üsti bilen bu abraýly halkara baýragyň dörediliş taryhy, ony esaslandyryjy we baýragyň näme üçin Nobel adyny göterýändigi bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Alypbaryjy baýragyň ilkinji eýeleri, oňa iň köp dalaşgär bolanlar we baýraga mynasyp bolanlar barada gyzykly maglumatlary berer. Şeýle hem iň meşhur Nobel baýragynyň eýeleri, açyşlary bilen taryhyň ugruny üýtgeden ýazyjylar, syýasatçylar, alymlar barada maglumatlar tomaşaçylarda täsir galdyryp biler.

«Turkmenportalyň» ýörite siz üçin taýýarlaýan «Bilesiň gelýärmi?!» atly gepleşiginiň täze bölümini sypdyrmaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň