Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportal» habarlary türk dilinde hem okyjylara ýetirip başlady

09:4112.12.2023
0
15759

«Turkmenportal» daşary ýurtly okyjylar üçin önümleriniň hataryny giňeldýär we web sahypasynyň türk dilindäki görnüşini işe girizýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen bu möhüm waka Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanýar.

«Tyrkmenportal» web sahypasynyň türkçe görnüşinde ýurduň içindäki we dünýädäki iň möhüm wakalar barada iň täze maglumatlar berler. Okyjylar daşary we içerki syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet we sport baradaky esasy habarlar bilen tanşyp bilerler. Neşir Türkmenistanyň energetika, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet pudaklaryndaky iň uly halkara taslamalary şöhlelendirer.

«Turkmenportal» internetiň türkmen segmentindäki iň uly maglumat çeşmelerinden biridir. Oňa her gün dünýäniň dürli künjeklerinden on müňlerçe ulanyjy girip görýär. Sahypanyň türkçe görnüşi «Turkmenportal»-yň okyjylar gerimini giňeltmäge we türk jemgyýetiniň Türkmenistan barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Türk dili dünýäde 80 milliondan gowrak adamyň ene dilidir. Ol Türkiýede, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda giňden ýaýrandyr. Dünýäde türkçe gürleýän ýa-da okaýan 200 milliondan gowrak adam bar.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň köp asyrlyk taryhy bar. Iki ýurdy umumy medeni gymmatlyklar, däp-dessurlar we dil baglanyşdyrýar. Türkmenistan we Türkiýe strategik hyzmatdaşlar bolup, ykdysadyýet, syýasat, medeniýet hem-de bilim ýaly dürli ugurlarda hem işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

«Turkmenportal» web sahypasynyň türk dilindäki görnüşiniň işe girizilmegi iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin nobatdaky ädimdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň