Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

10:1727.11.2015
0
2937

Şu hoş habar Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinden gelip gowuşdy, şol ýerde abraýly hökümetara guramanyň 24-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine  türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

1947-nji ýylda esaslandyrylan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň sebit komissiýalarynyň bäşisiniň biri bolmak bilen Ýewropa we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda ykdysady işjeňligi ösdürmegi we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegi ugur edinýär. BMG-niň ÝYK agza ýurtlaryň arasynda hereketleri sazlamak we pikir alyşmalary ýeňilleşdirmek maksady bilen konwensiýalary, kadalary hem-de standartlary işläp taýýarlamak üçin sebit forumy bolup hyzmat edýär.  Komissiýa bu wezipäni ýerine ýetirmek bilen sarp edijilere howpsuzlyk we hil kepilliklerini üpjün edýär, daşky gurşawyň goralmagyna, söwda düzgünlerini ýönekeýleşdirmäge, şeýle hem sebitiň döwletleriniň jebisleşmegine hem-de olaryň dünýä ykdysadyýetine has doly goşulmagyna ýardam edýär. 

Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça  komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna  saýlanmagy hem döwrüň ählumumy meseleleri çözmek babatda strategik başlangyçlarynyň öňe ilerledilmegi üçin täze itergi berer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň