Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açmak bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara şu gün geçiren giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek we dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.