Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi

00:0826.11.2015
0
2747

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  türkmen paýtagtyna gelen Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi  kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman ozal gazanylan ylalaşyklar bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary we hyzmatdaşlygyň  uzakmöhletleýin geljegi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, işewürlik düzümleriniň ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek  üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi ýarmarkalaryny geçirmek tejribesi hem özüniň peýdalydygyny görkezdi, olarda iki ýurtda öndürilen harytlaryň giň toplumy görkezilýär.

Örän iri bilelikdäki taslamanyň — Lebap welaýatynyň kaliý duzlarynyň örän baý gorlary ýerleşýän Köýtendag etrabynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan  baýlaşdyryjy kombinatynyň   gurluşygynyň alnyp barlyşy baradaky gürrüň söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy    üstüne alan borçnamalaryna ygrarly bolan belarus hyzmatdaşlarynyň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nyşany bolan bu örän möhüm senagat desgasynda işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman bilim, ylym hem-de medeniýet ugurlary boýunça ýola goýlan  ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri aýtdylar, muňa bar bolan hyzmatdaşlyk etmegiň degişli şertnama-hukuk binýady amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurduň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin Belarus Respublikasyna minnetdarlygyny beýan edip, belarusly hyzmatdaşlarymyzy dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaraly baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga ýene bir gezek çagyrdy.

Milletiň Lideri we myhman döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylmagynyň hem-de dürli derejelerde wekiliýetleri alyşmagyň oňyn ähmiýetini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda kanun çykaryjylyk işinde özara peýdaly tejribäni alyşmagyň möhümdigini bellediler.

Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýukow gatnaşdy.

...Şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde hem Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçiň ýolbaşçylygyndaky belarus wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň