Türkmenistan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygyna başlyklyk edýär

02:2825.11.2015
0
1866

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň 10-njy maslahaty geçirildi. Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen duşuşyga Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de 2015-2016-njy ýyllarda bu düzümde başlyklyk ediji hökmünde Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Ýapon tarapy şu çäkde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyjy 2004-nji ýylda resmi  taýdan beýan etdi. Özüniň döredileni bäri bu forum sebit üçin möhüm bolan syýasy we ykdysady meseleleri, şeýle hem howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Türkmen tarapynyň wekilleri şu forumyň Türkmenistan üçin şanly wakanyň — dünýä bileleşigi tarapyndan onuň Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýändigini bellediler.

Bütin dünýäde, hususan-da, şu sebitde goşulyşmak ýagdaýynyň çuňlaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gatnaşygynyň möhüm orny nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň biragyzdan bellemegine görä, ol bilelikdäki iş üçin netijeli binýat bolup hyzmat edýär. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda türkmen Lideri şu görnüşde özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Çykyş edenler “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň hereket edýän döwründen bäri dünýäniň häzirki ösüşiniň wajyp meseleleri boýunça dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollaryny gözlemekde bilelikde hereket etmegiň baý tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Ylym we tehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa we beýleki wajyp ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmekde öňegidişlikler duýulýar.

Şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Bu ugurlar “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň öňki duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Oba hojalyk ulgamynda gatnaşyk etmek Ýaponiýanyň  Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň ähmiýeti bellenildi. Oňa laýyklykda, iň täze tehnologiýalary ulanmak hem-de ýapon kompaniýalaryny çekmek arkaly bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Sebitde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselesi bolup durýar. Duşuşykda Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen ösmegine ýardam etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Ýygnananlar ýapon maýa goýumlaryny foruma gatnaşýan döwletleriň milli ykdysadyýetlerine çekmegi hem-de bilelikdäki täze taslamalary hem-de maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde howanyň üýtgemegi hem-de tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça özara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine hem garaldy. Türkmen tarapynyň wekilleri milli Liderimiziň şu meseleler boýunça beýan eden tekliplerine ýygnananlaryň ünsüni çekdiler.

Maslahatyň barşynda ýokary wezipeli wekilleriň nobatdaky maslahatyna hem-de foruma gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň derejesinde 2016-njy ýylda Aşgabatda geçiriljek altynjy maslahata taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meselä hem garaldy.

Ýygnananlar forumyň jemini jemläp, şu duşuşygyň “Merkezi Aziýa+ Ýaponiýa” gatnaşygyna agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň