24-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet dolandyryş ulgamyny strategik meýilleşdirmek boýunça iki günlük maslahat öz işine başlady. Bu maslahat Akademiýasynyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirilýär. Duşuşyga milli parlamentiň deputatlary, käbir ministrlikleriň we edaralaryň esasy hünärmenleri, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri çagyryldy.
Maslahatyň esasy maksady döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda, merkezi we ýerlerdäki dolandyryş düzümleriniň işini utgaşdyrmakda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynda ulanylýan has netijeli dünýä tejribesi bilen tanyşmak bolup durýar. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde häkimiýet we dolandyryş döwlet ulgamynyň kanunçykaryjylyk we hukuk esaslary babatda gullukçylaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça halkara maslahatçy Želko Sewik syn hasabaty bilen çykyş etdi.
Halkara maslahatçy Želko Sewik daşary ýurtlaryň häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň hojalyk işleri, bank menejmenti, sebitara kooperasiýasy, durmuş we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk babatda halkara tejribesi hakynda döwlet gullukçylarynyň bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça leksiýalaryň we okuw sapaklarynyň tapgyryny geçirer.