Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

08:5624.11.2015
0
3685

23-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

Ýokary derejeli sammitde çykyş eden türkmen Lideri dünýä energetika giňişligindäki, şol sanda gaz pudagyndaky häzirki ýagdaýlaryň uly hem-de çylşyrymly wezipeleriň birnäçesi bilen şertlendirilendigini belläp, energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurlygynyň ählumumy ykdysadyýetiň yzygiderli we sazlaşykly ösüşiniň  möhüm esasy şertleriniň  biridigini nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany halkara energetika ulgamyna täze sebitleriň we bazarlaryň goşulyşmagynyň dünýäniň senagat önümçiliginiň, söwdanyň, maýa goýumlarynyň ösüşine goşmaça kuwwatly itergi berjekdigini, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjekdigini aýtdy. Öz nobatynda, munuň özi sebitlerdäki we döwletlerdäki syýasy ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Häzirki döwürde bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Türkmenistan ýakyn günlerde bu gaz geçirijiniň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna başlar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň ylalaşylan möhletde, ýagny 2018-nji ýylda doly tamamlanjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Türkmen Lideri  Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryna, taslama boýunça taýýarlyk işlerine gatnaşan hyzmatdaşlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermek babatda taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda hem gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gepleşikleriň  alnyp barylýandygyny habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň durmuşa geçiren, gatnaşýan we amala aşyrmagy göz öňünde tutýan gaz geçirijileriniň taslamalarynyň ählisiniň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin bähbitlidigini nygtady. Bu taslamalar çäklerinden gaz geçirijiler geçýän ähli ýurtlaryň ykdysady we täjirçilik bähbitlerinden ugur alnyp amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri gaz pudagynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygynda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ykdysady ölçeglere eýermegiň, ilkinji nobatda bolsa, tebigy gaz üçin we onuň üstaşyr geçirilmegi üçin esaslandyrylan nyrhlardan ugur alynmalydygyny   aýtdy.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany dünýäde tebigy gazy öndüriji iri ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanyň energiýa serişdesini ibermek boýunça halkara taslamalaryna gatnaşýandygyny, şoňa görä-de, ýurduň bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ekologiýa meselelerine ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz turbageçirijiler gurlanda ekologiýa talaplaryny berjaý etmäge, tebigy gurşawy gorap saklamaga aýawly we uzak döwri göz öňünde tutup çemeleşmäge ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz  serişdelerini çykarmagyň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany energiýa serişdeleri çykarylanda we iberilende ekologiýa töwekgelçiliginiň örän az derejede bolmagyny gazanmagyň, önümçilik toplumlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, häzirki zaman dolandyryş usullaryny ulanmagyň  möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şu maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň maslahata gatnaşýan ýurtlar, energiýa serişdelerini sarp edýän we üstaşyr geçirýän döwletler, halkara guramalary bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge taýýardygyny bellemek isleýärin diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemlemek bilen, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika hartiýasyna başlyklyk etjek döwründe özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanlary we dünýäniň iri energetika döwletleriniň ýokary wezipeli wekilleri dünýä energetika ulgamynyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Ählumumy gaz bazarynyň ösüş mümkinçiliklerine, has elýeterli, ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdesi hökmünde gazy sarp etmegi höweslendirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, gaz öndüriji ýurtlaryň bähbitlerini öňe sürmek boýunça hereketleri utgaşdyrmagyň mümkinçilikleri baradaky mesele duşuşygyň gün tertibinde aýratyn orun eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň