Soňky habarlar

Arhiw

“Real Madridmi ýa-da “Barselona”?

17:5221.11.2015
0
3268

Häzirki wagtda futbol muşdaklary üçin iň gyzykly futbol oýny – “El Klasiko” duşuşygy hasaplanylýar. Köpleri özüne bendi edýän bu duşuşygyň nobatdaky şu gün oýnalar. Ispaniýanyň paýtagty Madriddäki bu günki oýunda “Real” soňky çempion “Barselonany” kabul eder. Aşgabat wagty bilen 22:15-de başlanjak duşuşykda “katalonlaryň” super ýyldyzy Lionel Messiniň oýnap-oýnamajakdygy oýnuň öňüsyrasynda belli bolar. Köpleriň pikirine göre ol oýnar. Messisiz geçen 2 aýy Neýmar we Suaresiň uly goşandy bilen üstünlik tamamlamagy başaran “Barselonada” Rakitiçiň oýnamagyna garaşylanok. Oýna Dawid Fernandes eminlik eder.

 

230-njy “El Klasiko” (“Real Madrid”–“Barselona”; 22:15)

* Iki klub şu wagta çenli çempionatda 170 oýun oýnady. 71 sapar “Real”, 67 gezegem “Barselona” ýeňiş gazandy. 32 duşuşykda üstünlik gazanan bolmady. Gollara seredeniňde, “Real Madrid” 278-268 öňde.

* Şol 170 duşuşykda “Real Madrid” öz meýdançasynda 52 gezek ýeňdi, 18 saparam utuldy. 15 oýny deňlikde oýnady. “Real Madrid” “Santiago Bernabeuda” 179 gol geçirip, 99 gol geçirtdi.

* “Barselona” öz meýdançasynda 49 oýunda ýeňip, 19 oýunda utuldy. 17 oýunda-da deňme-deň oýnady. “Katalonlar” 167 top salyp, 98 pökgi torlaryna goýberdi.

* Şu günki duşuşyk ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 230-njy resmi oýun bolar. “Real Madrid” 92, “Barselona” 89 duşuşykda ýeňiş gazandy. 48 oýun deňme-deňlikde gutardy. “Real” 389, “Barselona” 374 gol geçirdi. Paýtagtlylar Madridde 63 gezek ýeňdi, 25 oýunda-da utuldy.

* Iki toparyň arasyndaky iň uly hasap 11–1 bolup, 1943-nji ýylyň 13-nji iýunynda “Real Madrid” Şa Kubogynda (Cope Del Rey) garşydaşyny utupdy.

* “Barselona” garşydaşyny iň uly hasap bilen 1913-nji ýylda resmi bolmaýan ýoldaşlyk duşuşygynda utupdy. 1 noýabrda oýnalan bu oýunda “katalonlar” madridlileriň torundan jogapsyz 7 pökgi geçiripdi.

* “El Klasikoda” iň köp gol geçiren oýunçy Lionel Messi bolup, ol 21 gezek tapawutlandy. Oýnaýan oýunçylaryň arasynda 2-nji ýerde Kristiano Ronaldo bar (15 gol).

 

“ÝUWENTUS”–“MILAN”; 00:45

Şu gün “El Klasikodan” soň, futbol janköýerlerine ýene bir dartgynly duşuşyk garaşýar. Italiýanyň 2 uly kluby “Ýuwentus” bilen “Milan” nobatdaky gezek özara güýç synanyşar. Iki topar häzire çenli çempionatda 192 oýun oýnady. Şolarda “Ýuwentus” 71, “Milan” 58 gezek ýeňiş gazandy. 63 oýun deňlikde gutardy. Gol gatnaşygynda 278–260 “Ýuwentus” öňde. Umumylykda, 2 klub özara 218 resmi duşuşyk geçirdi. “Ýuwentus” 80, “Milan” 66 oýunda ýeňşini baýram etdi. 72 duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. “Ýuwe” 309 gol geçiren bolsa, “Milanda” bu görkeziji 290-a deň. Iki klubuň arasyndaky 1-nji oýun 1900-nji ýylda oýnalypdy we duşuşyk “Milanyň” ýeňşi bilen tamamlanypdy (2–0). 1911/12 möwsüminde “Milan” “Ýuwentusy” 8–1, 1926/27 möwsüminde-de “Ýuwentus” “Milany” 8–2 ýeňipdi. Iki toparyň arasyndaky iň köp hasaba alnan netije 1–1 bolup, olaryň 35 oýny bu hasap bilen tamamlandy. “Milan” “Ýuwentusy” soňky sapar çempionatda 2012/13 möwsüminde 1–0 hasabynda ýeňipdi. Şondan bäri ýeke sapar hem ýeňip bilmedi.

 

* “El Klasiko” bilen birwagtda bolýan başga esasy oýunlar hem bar bolup, Angliýanyň “Premier ligasynda” sanawyň lideri “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Liwerpuly” kabul eder. Oýun 22:30-da başlar.

* Germaniýanyň Bundesligasynda-da edil şol birwagtda “Şalke” bilen ýeňilmän gelýän “Bawariýa” özara güýç synanyşar (22:30).

* Oýny gyzykly bolmasa-da, ady uly ýene bir derbi hem oýnalar. Ýagny Gresiýanyň 2 uly kluby “Panatinaikos” bilen “Olimpiakos” duşuşar (22:30). 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň