Türkmen bugdaýynyň eksportunyň nobatdaky möçberleri tassyklandyldy

14:1321.11.2015
0
1461

Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, öndürilýän bugdaýyň mukdarynyň artdyrylmagy bilen bagly ony daşarky bazarlara ýerlemek boýunça ýurdumyzyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine:

ýurdumyzyň içerki sarp edijilerinden artýan böleginden bugdaýyň jemi 200 müň tonnasyny, şol sanda  2013-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýyň  150 müň tonnasyny hem-de 2014-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýyň 50 müň tonnasyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykaran 12363-nji Kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň hasylyndan öndürilen daşarky bazarlara ýerlenilmäge degişli jemi 300 müň tonna bugdaýyň 90 müň tonnasyny ýurdumyzyň içerki sarp edijileri üçin goýberip, onuň ýerine 2014-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýyň 90  müň tonnasyny Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemäge ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň