Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arassa Nusga» kompaniýasy täze saýt döretmek hyzmatyna 50% arzanladyş hödürleýär

12:4730.11.2023
0
36107

Web saýtlary işläp taýýarlamaga ýöriteleşen «Arassa Nusga» kompaniýasy «Täze ýyl täzelenmesi» aksiýasynyň başlanandygyny habar berýär. Aksiýanyň çäklerinde köne web saýtlaryň eýeleri soňky tendensiýalara eýerýän we özboluşly zerurlyklary göz öňünde tutýan düýbünden täze web saýty düzdürmekde 50% arzanladyş alyp bilerler.

«Biz könelişen web saýtyň işewürligiň imijine we netijeliligine ýaramaz täsir edip biljekdigine düşünýäris - diýip, «Arassa Nusganyň» wekili belleýär. — Biziň «Täze ýyl täzelenmesi» atly aksiýa çärämiz onlaýn-imiji täzelemek bilen, täze ýylda üstünliklere ýetmek şertiňizi ýokarlandyrmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär».

Aksiýa çäresinden peýdalanmak üçin «Arassa Nusga» kompaniýasyna öz köne web saýtyňyzy görkezmeli. Kompaniýa müşderiniň talaplary boýunça seljeriş geçirer. Ondan soň «Arassa Nusganyň» hünärmenler topary işewürligiň ösmegi üçin täsirli gural boljak ajaýyp, täsirli we üns çekiji web saýty işläp düzerler.

«Arassa Nusga» üçin howpsuzlygy üpjün etmek hem esasy şertleriň biridir. Şonuň üçin aksiýa çäresiniň çäklerinde düzülýän ähli saýtlar täzelenen SSL-sertifikat bilen üpjün ediler.

Aksiýa 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam edýär.

«Köne saýtyňyzy geçen ýylda ýagan gar ýaly geçmişde goýup, işewürligiňize täze ýylyň güýji bilen ösmäge mümkinçilik dörediň!» – diýip, «Arassa Nusga» kompaniýasynyň wekili nygtaýar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), 27-nji jaý, «Arzuw» binasy;
  • telefon belgileri: (+993 12) 75 47 99, (+993 61) 64 86 05;
  • web saýty: arassanusga.com;
  • elektron poçta salgysy: info@arassanusga.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň