Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler

07:1921.11.2015
0
2937

30-njy noýabr — 4-nji dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Bu çäräni geçirmek üçin dostlukly ýurda düzüminde medeniýet ulgamynyň işgärleri, sungat ussatlary, döredijilik toparlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri boljak wekiliýet ugradylar. Onuň çäklerinde Konýa we Izmir şäherlerinde aýdym-sazly çykyşlar, amaly-haşam sungatynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, sahna oýnunyň görkezilişi guralar. Türkmenistanyň Medeniýet günleri türkmen we türk artistleriniň dostluk konserti bilen tamamlanar. Medeni maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Türkiýäniň şäherleriniň muzeýlerine we beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň