Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda geçiriljek gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar

07:1721.11.2015
0
2803

22-23-nji noýabrda Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolar. Goňşy ýurtda gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.  

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ykdysady ulgamda, ulag-aragatnaşyk , elektroenergetika pudaklarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň topary giriziler. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça  resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar. Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyga Türkmen döwletiniň  Baştutany hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň