Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen taý boksçulary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda 7 medal gazandy

00:1619.11.2015
0
4411

Türkiýäniň Antalýa şäherinde ýakynda tamamlanan  taý boksy boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimiz medallaryň 7-sini — bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar. Ýaryşa dünýäniň 12 ýurdundan ýüze golaý türgen gatnaşdy.

Biziň toparymyzyň düzüminde agramlary 71 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda M.Röwşenow hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. J.Aýnazarowa (57 kilograma çenli agram derejesinde) we M.Saparmyradow (67 kilograma çenli agram derejesinde) kümüş medala, Ý.Bäşimow  (71 kilograma çenli agram derejesinde), N.Tekäýew (75 kilograma çenli agram derejesinde) hem-de K.Ilmyradow (81 kilograma çenli agram derejesinde) hormatly 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldular. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň