Türkmenistanda
1. Güýzüň soňky aýynda Türkmenistanda ilkinji gar ýagdy. Ol ýurduň günorta-günbatar serhedinden uzalyp gidýän Köpetdag daglarynyň depesini örtdi. Gar 22-nji noýabrda günortan ýagdy. Ygal güýçli ýagmady, ýöne gök asmanyň astynda gyş peýzažyny döretmek üçin ýeterlikdi. 22-nji noýabrda Türkmenistanda halkyň arasynda Garagyş diýlip atlandyrylýan döwrüň başlandygyny bellemek gerek. Bu gyşyň iň sowuk döwrüni aňladýar. Ol 7-nji dekabra çenli dowam eder.
2. Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejedäki döredijilikli we dowamly hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklara itergi berýändigi nygtaldy. Onuň çäklerinde bolsa dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin meseleleriň giň toplumyna garalýar.
3. Londonda «Türkmenistan – maýa goýum we ösüş» atly iki günlük forum öz işine başlady, oňa ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 350-den gowrak wekil gatnaşýar. Forumyň çäklerinde infrastruktura we gurluşyk pudagyndaky häzirki taslamalar, Beýik Britaniýanyň we Türkmenistanyň halkara işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
4. ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Çärä iki tarapyň ýokary derejeli wekilleri, ÝB-niň taslamalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Çäräniň Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde gurnalandygyny bellemek gerek.
5. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda 157 müňden gowrak eksponat bar. Muzeýiň hünärmenleri taryhy, etnografik, zoologik, botanika we beýleki ýygyndylary yzygiderli öwrenýärler, ylmy hasabatlar taýýarlaýarlar we metbugatda makalalar çap edýärler. Diňe şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň eksponatlary we işleri bilen baglanyşykly dürli mowzuklarda 80-den gowrak makala çap edildi. Muzeýleriň esasy wezipeleriniň biri wagtlaýyn, tematiki we göçme sergileri guramakdyr. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet muzeýi ýurduň Azerbaýjandaky, Koreýa Respublikasyndaky, Hytaýdaky, Täjigistandaky, Rumyniýadaky, Ermenistandaky, ABŞ-daky we Özbegistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde sergileri gurady.
Dünýäde
6. Hindistanly Kalpana Balan aýallaryň arasynda iň köp diş boýunça dünýä rekordynyň resmi taýdan eýesi boldyr. Onuň adaty uly ýaşly adamlardan alty sany köp dişi, ýagny 38 dişi bar. Kalpanyň adatdan daşary dişleri ýetginjeklikde ösüp başlapdyr. Olar agyry döretmeýärler, ýöne oňaýsyzlyk döredýärler, sebäbi köplenç olaryň arasynda iýmit galýar. Gyzyň ene-atasy onda goşmaça dişleriň çykýandygyny görüp, geň galdylar we olary sogurtmagy talap etdiler. Ýöne gyzyň özi diş sogurtmakdan gorkandygy üçin goşmaça dişlerini aýyrmak kararyna gelip bilmedi.
7. «Xiaomi» kompaniýasyna degişli «Redmi» haryt nyşany soňky on ýylda milliarddan gowrak smartfon satmak bilen, taryhy sepgitlere ýetdi. «Redmi-niň» taryhy 2013-nji ýylda, «Xiaomi» kompaniýasynyň elýeterli bahalarda ýokary hilli smartfonlary hödürlemäge gönükdirilen täze önümlerini tanyşdyranynda başlandy. Bu strategiýa üstünlikli boldy we «Redmi» tiz wagtda dünýäde iň meşhur smartfon haryt nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Sport habarlary
8. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň Maglumat merkezi 23 – 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek bu guşakly göreş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň çäklerindäki ýaryş günleriniň tertibini çap etdi. Ýaryşyň açylyş dabarasy 25-nji noýabrda Olimpiýa şäherçesiniň çäginde geçiriler. Esasy ýaryşlar 27-nji we 28-nji noýabrda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Bäsleşikleriň petekleri Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki kassada, «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerinde satylýar. Petegiň bahasy 25 manat.