Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

08:1218.11.2015
0
4152

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2015” atly 20-nji halkara serginiň we maslahatyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizi şanly sene – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkyna abadançylyk we ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň belleýşi ýaly, “ARETI” kompaniýasy okgunly ösýän, döredijilikli içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalar amala aşyrylanda häzirki zaman tehnologiýalaryny, iň täze ylmy-tehniki gazanylanlary önümçilige ornaşdyrmakda öňdebaryjy dünýä tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Özara ynama we iki tarapyň hem bähbitleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda holdingiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi. I.Makarow “ARETI” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, birnäçe teklipleri beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň