Türkmen futbolçylary dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Omanyň ýygyndysyndan üstün çykdy

22:5217.11.2015
0
1561

Şu gün Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda gyzykly futbol duşuşygy geçirildi. Nobatdaky dünýä we Aziýa çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistayň futbol ýygyndysy Omanyň ýygyndysyny kabul etdi.

Mälim bolşy ýaly, bu ýygyndylar «D» toparçada ikinji gezek duşuşydylar. Birinji duşuşyk sentýabr aýynda Omanda bolupdy. Şonda ýer eýeleri 3:1 hasabynda türkmen futbolçylaryndan üstün çykdy.

Bu günki duşuşykda ýeňiş iki topar üçin hem zerur. Şu gün Guamda geçirilen duşuşykda Eýranyň ýygyndysynyň uly hasap bilen ýeňiş gazanmagy omanly futbolçylaryň jogapkärçiligi artdyrdy. Çünki şu duşuşyklara çenli 11 utuk toplan eýranly we omanly futbolçylar toparçanyň liderleridi. Ildeşlerimiz bolsa üçünji orun ugrunda Guamyň ýygyndysy bilen bäsleşýärdi.

Garaz, ýeňiş iki tarap üçin hem juda zerur. Şonuň üçin hem duşuşyk bada-bat dartgynly ýagdaýda başlady. Eýýäm ilkinji minutda omanly futbolçylar Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezesinde howply pursaty döretdiler. Hatda olar pökgini burçdan oýna girizmäge-de hukuk aldylar. Ýöne ildeşlerimiziň dürs goranmagy bilen howp sowuldy. Ilkinji 10 minutdan soň özüni dürsän türkmen futbolçylary howply hüjümlere geçip başladylar. Derwezä gönükdirilen pökgüleriň birnäçesi bolsa sowa geçdi. Şol sanda iki tarapdan düzgün bozmalara hem ýol berildi. Hytaýly emin Ma Ning diňe birinji ýarymda 4 sany sary karty görkezmeli boldy. Şol sanda olaryň ikisi ildeşlerimize — 16-njy minutda Süleýman Muhadowa we 20-nji minutda Ruslan Mingazowa görkezildi. Myhmanlardan bolsa Abdul Sallam Al Mukhaini we Eid Mohammed Eid Al-Farsi emin tarapyndan sary kart bilen «sylaglanyldy».

Türkmen janköýerlerini garaşdyran pursat ahyry gelip ýetdi. 40-njy minutda ildeşlerimiz jerime urgusyny ýerine ýetirmäge hukuk gazandylar. Derwezäniň edil gabat garşysynda dörän bu pursatdan tejribeli ýarym goragçymyz Artur Geworkýan dürs peýdalanyp, Türkmenistanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda öňe çykardy. Şu ýerde duşuşygyň beýanyndan daşlaşýan hem bolsak, bir maglumaty dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Mälim bolşy ýaly, häzir Özbegistanyň «Nasaf» futbol toparynda çykyş edýän Artur Geworkýan ýakynda topary bilen ýurduň Kubogyna mynasyp bolupdy. Şol duşuşygyň ýeňiş goluny hem Artur edil şeýle pursatda, derwezäniň gabat-garşysyndaky jerime urgusyndan dürs peýdalanyp geçiripdi. A.Geworkýan jerime urgularynyň ussadydygyny milli ýygyndymyzda ýene bir ýola subut etdi.

Duşuşygyň birinji ýarymy 1:0 hasabynda ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy. Ikinji ýarym bolsa turuwbaşdan çekeleşikli başlady. Ildeşlerimiz Omanyň ýygyndysynyň güýçli hüjümlerine yzygider sezewar boldular, ýöne kyn bolsa-da, dürs goranmagy başardylar. Düzgün bozmalar bolsa dowam edýärdi. 51-nji minutda Serdar Annaorazowa hem sary kart görkezildi. Ýöne 65-nji minutda myhmanlardan Saad Suhail Obaid Bait Al Nahar hem gödek hereketi üçin sary kart gördi. Şondan iki minut soňra ýene-de ildeşlerimiz üçin mümkinçilik döredi. Ahmet Ataýewiň ussatlyk bilen jerime meýdançasynyň merkezine geçiren pökgüsini saklaman, derwezä gönükdiren Süleýman Muhadow hasaby 2:0-a ýetirdi. Ýöne şondan 3 minut soňra myhmanlar bir jogap pökgüsini geçirip, hasaby 2:1-e çenli ýygyrdy. Duşuşygyň galan 20 minudynda ildeşlerimiz, esasan, goraga üns berdiler. Myhmanlar bolsa yzly-yzyna hüjümleri geçirdi. Ýöne hüjümleriň hiç biri hem türkmen futbolçylarynyň berk goragyny böwsüp bilmedi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy möhüm ýeňşi gazandylar. Has gyzykly maglumat bolsa, ildeşlerimiziň «D» toparçanyň çäginde Türkmenistanda geçiren duşuşyklarynyň hiç birinde-de ýeňilmänligidir. Türkmen futbolçylary ýurdumyzda geçirilen duşuşyklaryň üçüsinde ýeňiş gazanyp, birinde deňlik bilen oýnadylar.

2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň we 2019-njy ýyldaky Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry. «D» toparça.

Türkmenistan 2:1 Oman

Pökgüler:

1:0, Artur Geworkýan 20’

2:0, Süleýman Muhadow 67’

3:0, Mohammed Al-Gassani.

Sary kartlar: 16’ Süleýman Muhadow, 20’ Ruslan Mingazow (ikinji sary karty, nobatdaky duşuşyga gatnaşyp bilmez), 51’ Serdar Annaorazow, 84’ Ahmet Ataýew (ikinji sary karty, nobatdaky duşuşyga gatnaşyp bilmez), 90’ Şöhrat Söýünow — 16’ Abdul Aziz Al-Makubali, 45’ Eid Al-Farsi, 65’ Saad Al Makhani.

Duşuşyga 23100 tomaşaçy geldi.

17-nji noýabrdaky duşuşyklardan soň «D» toparça, orunlar

1.Eýran 6/14

2.Oman 6/11

3. Türkmenistan 7/10

4. Guam 7/7

5.Hindistan 6/3

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň