Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

09:1917.11.2015
0
1216

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşyp, döwlet Baştutanyna özlerine ynanylan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Welaýatlaryň häkimleri ýerlerde işleriň häzirki ýagdaýynyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, oba milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak, şol sanda maksatnamanyň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem maslahatda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy we şu aýyň ahyrynda Mary şäherinde geçiriljek halkara dabaralar baradaky meselelere garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şanly senelere gabatlanan çärelere taýýarlyk görlüşi, Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri paýtagty gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň aýratynlyklary barada aýdyp, öndürijilikli işlemek we mynasyp dynç almak üçin binalaryň içki we daşky bezelişine döredijilikli çemeleşmegi tabşyrdy.  Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Aşgabatda geçiriljek dabaralaryň hem-de halkara çäreleriň ählisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň