Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Işewürlik-daýjest: 14 – 20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

10:2021.11.2023
0
19105

Geçen hepdäniň işewürlik täzelikleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini we sebitleýin taslamalara işjeň goşulyşýandygyny subut edýär.

Ýurt goňşy döwletleri, hususan-da, Eýran we Azerbaýjan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Munuň özi sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berýär. Eýran Yslam Respublikasy bilen ýurduň serhedinde täze söwda zolaklaryny döretmek boýunça meýilnamalara aýratyn geljegi uly taslamalar hökmünde garalýar.

Energetika pudagy täze guýularyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde alynýan tebigy gazyň möçberleriniň artýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa eksporty ösdürmäge, sebitde we tutuş dünýäde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik döreder.

Söwda maksatly gämi gatnawlarynyň artmagy Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösýändigini görkezýär. TRACECA ýaly halkara ulag taslamalaryna gatnaşmak türkmen eksporty üçin täze logistika mümkinçiliklerini açýar.

Öňde boljak wakalar

27-28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisi geçiriler.

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Türkmenistanyň döwlet nebit we gaz konsernleri Fransiýanyň paýtagtynda ýurduň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum geçirerler.

Ýangyç-energetika toplumy

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy üç sany gaz käninden – Galkynyş, Tagtabazar-I we Uzynada guýularyndan senagat ugurly tebigy gaz akymyny aldylar. Bu nebit we gaz önümçiligini artdyrmak maksady bilen, gaz känlerinde täze guýulary gözlemäge hem-de gaýtadan işlemäge gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna mümkin boldy.

Türkmenistan we Eýran gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Aşgabat «Körpeje-Gurtguýy» gaz geçirijisi boýunça, şeýle hem «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen türkmen tebigy gazynyň Eýrana iberilýän möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Mundan başga-da, Aşgabat tebigy gazyň swap usulynda Eýrandan üstaşyr üçünji ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-den hyzmatdaşlary iri halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu teklip BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda beýan edildi.

«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy, «Tawanir» kompaniýasy we «Sanergy Pishro Export and Energy Promotion» kompaniýasy Mary (Türkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekdiler.

Söwda

Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin Eýran bilen serhetde täze söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi. Olar «Sarahs-Sarahs» we «Altyn asyr-Inçe-burun» barlag-goýberiş nokatlarynda açmak göz öňünde tutulýar.

Işewürlik çäreleri

Aşgabatda «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergi geçirildi. Oňa nebitgaz, gurluşyk, ulag ulgamlary, awtoulag senagaty, gämi gurluşygy we beýleki pudaklarda işleýän eýran kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

28 — 30-njy noýabr aralygynda geçiriljek «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergä Germaniýadan, Hytaýdan, Moldowadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Özbegistandan kompaniýalar gatnaşarlar, Niderlandlar, Russiýa hem-de Eýran bolsa sergide ýörite pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrarlar.

Türkmenistanyň wekilleri Germaniýanyň Gannower şäherinde geçirilen «AGRITECHNICA – 2023» atly oba hojalygy tehnikalarynyň dünýädäki iň iri sergisine gatnaşdylar.

Gurluşyk

Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda-dynç alyş we işewürlik merkeziniň taslamasyny düzmek we gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Bagyr ýaşaýyş toplumynda 200 orunlyk Medeniýet öýüniň düýpli durkuny täzelemek işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär.

Arkadag şäherinde ýokary okuw mekdebi we ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesini döretmek göz öňünde tutulýar. Täze binalar toplumlarynyň taslamalary eýýäm taýýar edildi.

Ulag

Türkmenistan Ýewropa – Kawkaz – Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga resmi taýdan goşuldy. Şeýlelik bilen, ýurt halkara ýük daşamalarynda hyzmatdaşlyk etmäge we bu möhüm logistika geçelgesinde ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrligi «Gumdag – Etrek – Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler.

2023-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda «Deňiz söwda floty» ÝGPJ ýük daşamagyň umumy mukdaryny 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,8 göterim artdyrdy. Bu döwürde 1,884 million tonna ýük daşaldy, ýük daşamak meýilnamasy bolsa 129,9 göterim ýerine ýetirildi.

Maliýe

Türkmenistan Korrupsiýa garşy hukuk goraýjy edaralaryň global operatiw toruna (GlobE) goşular. Bu barada Wenanyň halkara merkezindäki BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginde (UNODC) Türkmenistanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda mälim edildi. «GlobE-niň» maksady serhetüsti korrupsiýa jenaýatlary ýagdaýlarynda tiz we netijeli maglumat alyş-çalşygyny üpjün etmekden, şeýle hem ogurlanan serişdeleri yzyna gaýtarmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň