Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ýolbaşçylaryna gutlaglaryny ýollady

09:1417.11.2015
0
1089

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Ahmet Dawutogluny ýurtda geçirilen umumy saýlawlaryň üstünlikli tamamlanmagy we şol saýlawlarda Adalat we galkynyş partiýasynyň uly üstünlik gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň