Arhiw

Türkmen wekiliýeti Goşulyşmazlyk hereketiniň zenanlaryň hukuklary boýunça maslahatyna gatnaşýar

20:1420.11.2023
0
18208
Türkmen wekiliýeti Goşulyşmazlyk hereketiniň zenanlaryň hukuklary boýunça maslahatyna gatnaşýar
Surat: report.az

Bakuwda Goşulyşmazlyk hereketiniň «Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek atly maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, «Report.az» habar berdi.

Aýal-gyzlaryň hukuklarynyň artdyrylmagyna bagyşlanan halkara maslahat iki gün dowam eder. Onuň barşynda zenanlaryň hukuklaryna degişli dürli temalar boýunça ara alyp maslahatlaşmalar guralar.

Maslahata BMG-niň, ISESCO-nyň we Halkara türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy ýaly 9 halkara guramanyň wekilleri gatnaşýar.

Gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistandan başga-da, Türkiýe, Özbegistan, Sudan, Russiýa, Indoneziýa, Müsür, Wenesuela, Palestina, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlaryň hünärmenleri hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň