Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň futzal toparlary Aziýa çempionatynda

17:0216.11.2015
0
1325

Şu gün Aziýanyň futzal çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Merkezi toparçasynyň soňky duşuşygynda Gyrgyzystanyň futzalçylary ýer eýeleriniň wekillerini 3:2 hasabynda ýeňdiler. Şeýlelikde üç günläp dowam eden halkara ýaryşdan soňra, milli ýygyndylar toparçada aşakdaky orunlary eýelediler:

1. Gyrgyzystan 3/5

2. Täjigistan 3/4

3.Owganystan 3/4

4.Türkmenistan 3/2.

Çaklaňja jedwelden hem görşüňiz ýaly, 2016-njy ýylda geçirilen Aziýa çempionatyna Merkezi zonadan Gyrgysyztanyň hem-de Täjigistanyň toparlary wekilçilik eder.

Ýatladýarys, Merkezi toparçanyň duşuşyklary Täjigistanyň Hojant şäherinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň