Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futzalçylarynyň ikinji duşuşygy hem deňlik bilen tamamlandy

01:0016.11.2015
0
1068

Täjigistanyň Hojant şäherinde 2016-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýallama tapgyryna gatnaşyp ýören türkmenistanly futzalçylar ýaryşyň ikinji gününde ýer eýeleriniň wekilleri bilen duşuşdylar.

Merkezi toparçada günüň ilkinji duşuşygy Gyrgyz Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň futzal ýygyndylarynyň arasynda geçdi. Ilkinji duşuşykda ildeşlerimiz bilen deňlik hasapda oýnan gyrgyz futzalçylary bu gezek hem ýeňiş gazanyp bilmediler. Duşuşyk 2:2 hasabynda deňlik bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň futzal ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk has-da çekeleşikli boldy. Ildeşlerimiz eýýäm 16-njy minutda hasaby açdylar — türkmen futzalçylaryndan Welsähet Öwezow tapawutlandy. Ýöne 21-nji minutda ýer eýeleri Nekruz Alimahmadowyň dürs urgusy bilen hasaby deňlediler. Deňlikden ruhlanan täjik futzalçylary şondan 6 minut soňra hasaby öz peýdalaryna 2:1-e çykardylar. Bu gezek Mansur Mamedbaýew tapawutlandy. 30-njy minutda ildeşlerimizden Maksat Soltanow hasaby ýene-de deňledi. Hüjümler munuň bilen gowşamady. Ikinji ýeňşine okgunly ýer eýeleri 34-nji minutda hasaby ýene öz peýdalaryna üýtgetdiler — 3:2. 40-njy minutda ildeşlerimiz ýer eýeleriniň derwezesine üçünji pökgini hem geçirip, hasaby ýene deňlediler. Şondan soň bolsa ikitaraplaýyn hüjümleriň hiç biri hem peýda bermedi. Şeýlelikde, ildeşlerimiziň saýlama tapgyrdaky ikinji duşuşygy hem deňlikde tamamlandy.

Iki günüň duşuşyklaryndan soň Aziýa çempionatynyň merkezi saýlama toparçasynda ýygyndylaryň eýeleýän orunlary:

1. Täjigistan 2/4

2. Gyrgyzystan 2/2

3. Türkmenistan 2/2

4. Owganystan 2/1

Şu çaklaňja jedwelden hem görşüňiz ýaly, şu gün Owganystanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykda ýeňiş gazanyp bilen ýagdaýynda türkmen futzalçylarynyň Aziýa çempionatyna çykmaga mümkinçiligi bar.

Şu günki boljak duşuşyklar:

Owganystan — Türkmenistan (sagat 11:00-da)

Täjigistan — Gyrgyzystan (sagat 14:00-da)

Ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň