Halkara pul gaznasy nobatdaky gezek Türkmenistanyň ösüşiniň geljegine oňat baha berdi

20:3015.11.2015
0
4208

Jenap Born Rotteriň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistanda bolup, ýurduň ministrliklerinde we pudak edaralarynda, şeýle hem milli parlamentiň hem-de hususy ulgamyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.  Pikir alyşmalaryň esasyny makroykdysady ýagdaýa baha bermek bilen türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi baradaky meseleler düzdi.

Jenap Born Rotter duşuşygyň jemini jemläp, geçen onýyllykda Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde ýokary depginiň gazanylandygy baradaky beýannama bilen çykyş etdi. Halkara pul gaznasy Türkmenistanda nebitiň we tebigy gazyň bahasynyň ýokary galan döwründe nebitgaz pudagynyň ösüşine ylmy esaslarda çemeleşilmegi netijesinde, ilatyň jan başyna düşýän girdejiniň iki esseden gowrak ýokarlanandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu çäräniň geçirilmegi iri möçberli döwlet maýa goýumyny durmuş ulgamynda netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem beýannamada Türkmenistan tarapyndan hususy ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak we ösdürmek arkaly ýurduň ýaşlary üçin geljegi uly hem-de zerur hünärler boýunça  iş orunlaryny döretmek  wezipeleriniň ileri tutulandygy nygtaldy.

Halkara pul gaznasynyň wekili 2014-nji ýylda ýaramaz täsirleriň üçüsiniň Merkezi Aziýa döwletleri üçin daşary ykdysady şertleriň peselmegine getirendigini belläp, Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan amala aşyrylan ähmiýetli jogap çärelerini goldady. Şol ulanylan anyk çäreleriň hatarynda býujetiň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bank ulgamyny kadalaşdyrmak hem-de oňa gözegçilik etmek ýörelgelerini kämilleşdirmek  agzaldy. 2015-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen dewalwasiýanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy bilen sazlaşmagynyň käbir pudaklara, hususan-da, tebigy gazy gaýtadan işlemäge we agrosenagat önümçiligine güýçli itergi berendigi bellenilýär.

Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň pikirine görä, “ Ätiýaçlyk pul gaznasynda we Durnuklaşdyryş gaznasynda toplanan ep-esli mukdardaky serişdeler Türkmenistanyň häzirki döwriň wehimlerine uýgunlaşmagyny hem-de energiýa serişdelerine has pes bahalaryň uzak wagtyň dowamynda saklanyp galan şertlerinde-de  sebitiň beýleki döwletlerine garanyňda ýokary bolan  jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depginini saklamagy üpjün eder”. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň